Is­pa­ni­ýa ýa­kyn wagt­da dün­ýä­niň iň köp oka­ýan ýurt­la­ry­nyň on­lu­gy­na gi­rip bi­ler. Ýur­duň ila­ty­nyň ki­tap oka­ýan bö­le­gi­niň pa­ýy soň­ky üç ýyl­da 43% art­dy. Mu­ňa ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy döw­rün­de çäk­len­dir­me­ler hem se­bäp bol­dy. Bu ba­ra­da Pa­ty­şa­ly­gyň Ne­şir­ýat fe­de­ra­si­ýa­sy ha­bar ber­di.
Is­pa­ni­ýa­nyň Ne­şir­ýat fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ba­zar­da­ky ýag­da­ýa yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik ed­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. Soň­ky ýyl­lar­da ki­tap oka­ýan­la­ryň sa­ny kö­pel­di. Mun­dan baş­ga-da, dog­lan gün­ler we beý­le­ki baý­ram­çy­lyk gün­le­rin­de ki­tap sow­gat et­mek ýoň bo­lup baş­la­dy.
Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da Is­pa­ni­ýa­da iş­jeň oky­jy­la­ryň sa­ny 66%-den geç­ýär. Hep­de­de bir ki­tap oka­ýan­la­ryň pa­ýy 52%-den yba­rat. Esa­san hem, 10-14 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ýet­gin­jek­ler üçin eser­ler meş­hur. Ola­ryň 86%-i okuw­dan boş wagt­la­ryn­da ki­tap oka­ma­gy ma­kul bil­ýär.
– Ki­tap oka­ma­ga gy­zyk­lan­ma men­de pan­de­mi­ýa döw­rün­de dö­re­di. Men ki­tap oka­mak bi­len beý­ni­mi ra­hat­lan­dy­ryp hem-de ün­sü­mi so­wup bol­jak­dy­gy­na dü­şün­dim – di­ýip, prog­ram­ma­çy Da­wid San­çew bel­le­di.
Ge­çen ýyl hin­di­ler dün­ýä­de iň köp oka­ýan mil­let diý­lip yk­rar edil­di. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, hin­di­ler ki­tap oka­ma­ga hep­de­de 10 sa­gat sarp ed­ýär­ler. Ikin­ji orun­da Tai­land, üçün­ji orun­da Hy­taý dur­ýar.

Aýgül GURBANOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy.