“Çelsi” Kaisedodan soň ýene bir oýunçyny düzümine goşdy

175

Angliýanyň “Çelsi” topary Moises Kaisedodan soň ýene bir ýaş ýarymgoragçy bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Londonlylar “Liwerpul” toparynyň hem içgin gyzyklanan futbolçy Romeo Lawiýany transfer etdi. Çelsi topary bu transfer üçin “Southempton” toparyna 53+5 million funt sterling tölär. 19 ýaşyndaky belgiýaly oýunçy “Çelsi” bilen 7 ýyllyk şertnama baglaşdy.