20-nji aw­gust­da Gwa­te­ma­la­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da “Se­mil­la” he­re­ke­ti­ne we­kil­çi­lik ed­ýän Ber­nar­do Are­wa­lo ýe­ňiş ga­zan­dy. Saý­law býul­le­ten­le­ri­niň 85%-i sa­na­lan­dan soň­ra, Are­wa­lo 59% se­se, esa­sy bäs­de­şi, “Mil­li umyt bir­li­gi” par­ti­ýa­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Sand­ra Tor­res bol­sa, 35% se­se eýe bol­dy. Bu ba­ra­da Ýo­ka­ry saý­law ka­zy­ýe­ti­niň mag­lu­mat­la­ryn­da tas­syk­lan­ýar.
Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ry­na 9,36 mil­li­on saý­law­çy­nyň 44,49%-i gat­na­şyp­dyr. Gwa­te­ma­la­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Ale­hand­ro Jam­ma­tei 2020-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­dan bä­ri ýur­duň ýol­baş­çy­sy bo­lup, Kons­ti­tu­si­ýa la­ýyk­lyk­da, gaý­ta­dan saý­lan­ma­ga hu­ku­gy ýok. Tä­ze Pre­zi­den­tiň ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy, adat­ça, 14-nji ýan­war­da, ýur­duň tä­ze gu­rul­ta­ýy­nyň da­ba­ra­ly mas­la­ha­tyn­da ge­çi­ril­ýär.
Hu­an Ho­se Are­wa­lo­nyň (1945-1951-nji ýyl­lar­da pre­zi­dent) og­ly Ber­nar­do Are­wa­lo 64 ýaş­ly dip­lo­mat we sy­ýa­sat­çy. Ol 1980-1990-njy ýyl­lar­da da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de iş­le­di. Onuň esas­lan­dy­ran “Se­mil­la” so­si­al de­mok­ra­tik he­re­ke­ti 2017-nji ýyl­da ha­sa­ba alyn­dy.
Gwa­te­ma­la Res­pub­li­ka­sy Mer­ke­zi Ame­ri­ka­da­ky ýurt. Gü­nor­ta-gün­do­gar­da Sal­wa­dor, gün­do­gar­da Gon­du­ras, de­mir­ga­zyk-gün­do­gar­da Be­liz, de­mir­ga­zyk­da we gün­ba­tar­da Mek­si­ka bi­len ser­het­leş­ýär. Gün­do­gar­da Ka­rib deň­zi we gü­nor­ta­da Ýu­waş um­ma­ny bi­len ýu­wul­ýar. Ilat sa­ny bo­ýun­ça Mer­ke­zi Ame­ri­ka Res­pub­li­ka­la­ry­nyň iň ulu­sy bo­lan ýurt­da 17 mil­li­on­dan gow­rak adam ýa­şa­ýar. Paý­tag­ty Gwa­te­ma­la şä­he­ri­dir. Res­mi di­li is­pan­ça.