Akt­ri­sa Me­gan Foks 7-nji no­ýabr­da “Gör­me­geý ýi­git­ler ajy dä­ne bol­ýar­lar” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­ny çy­ka­rar. Bu “Jen­ni­fe­riň be­de­ni” fil­mi­niň ýyl­dy­zy­nyň ede­bi­ýat meý­da­nyn­da aw­tor hök­mün­de il­kin­ji sy­na­ny­şy­gy bo­lar. Fok­suň bu ki­ta­by­ny çap ed­ýän ne­şir­ýat goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­na “üýt­ge­şik” eser di­ýip ba­ha ber­ýär.
Tä­ze ýy­gyn­dy 80 sa­ny goş­gy­ny öz içi­ne alar. Aw­tor ola­ry özün­de dym­mak­lyk se­bäp­li dö­rän nä­hoş­luk­dan ha­las bol­mak üçin ýa­zan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Akt­ri­sa bü­tin öm­rün­de syr sak­lap ge­çi­ren­di­gi­ni, onuň ýü­kün­den ýa­ňa in­di be­de­ni­niň tap ge­ti­rip bil­me­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Me­gan Foks goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň köp­le­re bagt­ly­ly­gy­ny we öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny yzy­na gaý­tar­ma­ga ýar­dam eder di­ýip umyt ed­ýär.