Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Söwda-senagat edarasynyň we paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň wekilleri Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk instituty (CAREC) tarapyndan Hytaý-Ýewraziýa Sergiler sekretariaty we Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Maliýe departamenti bilen hyzmatdaşlykda Sebitleýin Alyş-çalyş we Aziýa ösüş bankynyň maliýe goldawy bilen guralan “Durnukly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak” atly iki günlük halkara maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Bu çäre institutyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Hytaýyň Urumçi şäherinde geçirildi.
Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk instituty Merkezi Aziýada we Ýüpek ýolunyň ugrunda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen meşgullanýan, toplanan bilimi we tejribeleri alyşmak boýunça hökümetara gurama bolup durýar. Bu institut Owganystan, Azerbaýjan, HHR, Gruziýa, Gazagystan, Mongoliýa, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly 11 ýurda degişli bolup, olar tarapyndan dolandyrylýar.
Bu institut CAREC ýurtlarynyň taslamalarynyň arasyny baglanyşdyryjy hökmünde çykyş edip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy goldamak boýunça syýasaty, maksatnamalary we taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de amala aşyrmakda ylalaşygy üpjün edýär. SARES-iň çäklerinde durnukly ykdysady ösüş üçin sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bu institutyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistan CAREC-e 2010-njy ýylda goşuldy we onuň maksatnamalaryny hem-de sebitiň global aragatnaşygyny goldaýar. Ýurdumyz ulag, söwda we energetika howpsuzlygy ulgamynda sebitleýin taslamalary meýilleşdirmäge işjeň gatnaşýar.