Ýa­zy­jy Jo­an Rou­lin­giň go­ly goý­lan “Gar­ri Pot­ter we fi­lo­so­fyň da­şy” at­ly ki­ta­byň seý­rek ne­şir­le­rin­den bi­ri Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da auk­sio­na çy­ka­ryl­dy. Söw­da­ny gur­naý­jy­lar, onuň soň­ky ba­ha­sy­nyň 12 müň funt ster­lin­ge ýet­me­gi­ne ga­raş­ýar­lar.
Bu ýer­de gür­rüň ýa­zy­jy­nyň go­ly goý­lan il­kin­ji Pot­te­ria­ny ro­ma­ny­nyň ýö­ri­te ne­şi­ri ba­ra­da bar­ýar. Auk­si­on öýü­niň mü­di­ri­niň kö­mek­çi­si­niň söz­le­ri­ne gö­rä, bu ki­tap­la­ryň di­ňe 15-si ne­şir edip, hiç ha­çan sa­tu­wa çy­ka­ryl­man­dyr.
Auk­si­on­da hö­dür­le­nen ki­ta­byň nus­ga­sy Glaz­go­dan 26 ýaş­ly Ka­ri­na Hau­şi­ne de­giş­li­dir. Bu ki­tap oňa 2012-nji ýyl­da “Blooms­bu­ry” ne­şir­ýat bäs­le­şi­gin­de ýe­ňi­ji bo­lan­da ber­lip­di. 2023-nji ýyl­da Hau­şi­niň öýün­de ýan­gyn bol­dy, ýö­ne ki­ta­ba ze­per ýet­me­di. In­di bu ki­tap­dan se­kiz­den 12 müň funt ster­lin­ge çen­li gir­de­ji ga­za­nyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar di­ýip, “The Te­leg­raph” ýaz­ýar.
Mun­dan öň 1997-nji ýyl­da ne­şir edi­len “Gar­ri Pot­ter we fi­lo­so­fyň da­şy” ki­ta­byň il­kin­ji ne­şi­ri­niň Ang­li­ýa­da­ky auk­si­on­da sa­ty­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Sa­tyn aly­jy ki­ta­ba 10,5 müň funt­dan gow­rak (13,5 müň dol­lar) tö­län­di­gi ha­bar be­ril­di.