Saud Arabystanyň Bilim ministrligi Patyşalygyň ähli hususy we döwlet mekdeplerine hytaý dilini öwrenmek boýunça maksatnamany girizmegi tabşyrdy. Bu barada “Saudi Gazette” habar berdi.
Ministrligiň maglumatlaryna görä, Saud Arabystanynyň mekdeplerinde hytaý dili sapaklaryny girizmek baradaky karar, mirasdüşer şazada, Patyşalygyň Premýer-ministri Muhammet bin Salman Al Saudyň Hytaýa amala aşyran sapary wagtynda kabul edildi. Şazadanyň sapary wagtynda iki ýurduň ýolbaşçylary hytaý dilini Patyşalygyň mekdepleriniň we uniwersitetleriniň ählisiniň okuw meýilnamalaryna goşmak baradaky maksatnamany işläp düzmek barada ylalaşdylar.
Saud Arabystanynyň Bilim ministrliginiň görkezmesine görä, ýurduň mekdeplerinde her ýekşenbe we duşenbe günlerinde dördünji sapak hytaý dilini öwrenmäge bagyşlanmalydyr. Gazetiň habaryna görä, tutuş Patyşalykdaky bilim edaralary ýöriteleşdirilen synplaryň çäginde orta mekdebiň ikinji synp okuwçylary üçin hytaý dili maksatnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar. Her depertamentde hytaý dilini öwredýän mekdepler bolar.
Soňky ýyllarda Hytaý we Saud Arabystany dürli ugurlarda, esasan hem, ykdysadyýetde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler. 2019-njy ýylyň fewralynda Saud Arabystanynyň mirasdar şazadasy Pekine bardy, 2022-nji ýylyň dekabrynda bolsa, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Patyşalyga saparyny amala aşyryp, onuň barşynda taraplar strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdylar.