Her pas­lyň özü­ne mah­sus te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bol­şy ýa­ly, güýz pas­ly hem sal­kyn ho­wa­sy bi­len adam­la­ra ru­hy taý­dan lez­zet ber­ýär. Güýz pi­kir­le­riň dur­lan­ýan, te­bi­ga­tyň ag­ras keş­be geç­ýän möw­sü­mi ha­sap­lan­ýar. «Zäh­met so­ňy – reh­net» diý­li­şi ýa­ly, bu pa­syl­da daý­han­lar ha­syl ýyg­na­mak bi­len meş­gul bol­ýar­lar. Ir­ki dö­wür­ler­de güýz pas­ly daý­han­la­ryň dynç al­şa çyk­ýan möw­sü­mi ha­sap­la­nyp­dyr. Şol se­bäp­li güýz aý­la­ryn­da daý­han­la­ra ba­gyş­la­nan bir­nä­çe baý­ram­çy­lyk­lar gu­ra­lyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da hem dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­de di­ýen ýa­ly güýz­ki güý­men­je­ler ge­çi­ril­ýär. Ge­liň, ola­ryň kä­bi­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Şo­ko­lad baý­ram­çy­ly­gy, Ita­li­ýa. Süý­jü­lik­le­ri ha­la­ýan­lar üçin iň go­wy baý­ram­çy­lyk­la­ryň bi­ri hem Ita­li­ýa­nyň Tu­rin şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän şo­ko­lad fes­ti­wa­ly­dyr. 2004-nji ýyl­dan bä­ri no­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän bu fes­ti­wal­da Ita­li­ýa­dan we beý­le­ki ýurt­lar­dan ge­len 120-den gow­rak şo­ko­lad ön­dü­ri­ji­ler öz önüm­le­ri­ni köp­çü­li­ge hö­dür­le­ýär­ler. Ola­ryň ara­syn­da şo­ko­la­dyň «gi­an­du­ja», «gi­an­duiot­to», «bicerin», «nu­tel­la», «noccio­la­to fon­den­te», «lat­te» we «Odil­la» ýa­ly bir­nä­çe gör­nüş­le­ri bar. Şo­ko­lad­ly ta­gam­lar­dan da­dyp gör­mek, kon­sert­le­re to­ma­şa et­mek we baý­rak­ly şo­ko­lad oýun­la­ry fes­ti­wa­lyň esa­sy wa­ka­la­ry­dyr. 1820-nji ýy­la çen­li şo­ko­lad di­ňe gyz­gyn içim­lik gör­nü­şin­de ula­ny­lyp­dyr. Az wagt­dan soň, Tu­rin­de il­kin­ji ga­ty şo­ko­lad ön­dü­ril­ýär we dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­na ýaý­rap baş­la­ýar. Tu­rin köp gör­nüş­li «şo­ko­lad­la­ryň şä­he­ri» ha­sap­lan­ýar.
«Al­bu­ker­ke» şar baý­ram­çy­ly­gy, Mek­si­ka. Iň gy­zyk­ly güý­men­je­le­riň bi­ri hem «Al­bu­ker­ke» şar fes­ti­wa­ly­dyr. Bu fes­ti­wal her ýyl okt­ýabr aýy­nyň il­kin­ji on gün­lü­gin­de Mek­si­ka­nyň paý­tag­ty Me­hi­ko­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu baýramçylyga gat­naş­mak üçin ýer­li ýa­şaý­jy­lar bi­len bir ha­tar­da dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­den myh­man­lar hem gel­ýär. Hep­dä­niň do­wa­myn­da müň­ler­çe ho­wa şa­ry «Bal­lo­on Fi­es­ta» se­ýil­gä­hin­den ýo­ka­ry gö­te­ril­ýär. Bu pur­sat as­ma­nyň ýü­zü­ni owa­dan we tä­sir­li gör­nüş gur­şap al­ýar. Hem­me ki­şi bu tä­sir­li pur­sat­la­ra se­re­dip lez­zet al­ýar.
Hal­ka­ra fe­ýer­werk baý­ram­çy­ly­gy, Ko­re­ýa Respublikasy. Gün ýa­şan­dan soň baş­lan­ýan Hal­ka­ra fe­ýer­werk baý­ram­çy­ly­gy saz­la­şyk­ly öwüş­gin­le­ri bi­len hem­mä­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bu baý­ram­çy­lyk 2000-nji ýyl­dan bä­ri ýurduň paý­tagt şä­he­ri Se­ul­da 8-9-njy okt­ýabrda ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Fes­ti­wa­lyň esa­sy meý­dan­ça­sy bo­lan «Yeoui­do» se­ýil­gä­hin­de dür­li ýurt­lar­dan ge­len pi­ro­teh­ni­ki to­par­lar öz ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler. Bu fes­ti­wa­la her ýyl­, tak­my­nan, 1 mil­li­on adam gat­naş­ýar.
Ýag­ty­lyk baý­ram­çy­ly­gy, Ger­ma­ni­ýa. 2005-nji ýyl­dan bä­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ber­linde bel­le­nip ge­lin­ýän ýag­ty­lyk fes­ti­wa­ly dün­ýä­niň meş­hur fes­ti­wal­la­ry­nyň bi­ri­dir. Her ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da iki hep­dä­niň do­wa­myn­da Ber­li­niň 70-e go­laý ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri dür­li yşyk­ly en­jam­lar bi­len be­zel­ýär. Mil­li­on­lar­ça şöh­le çar-tö­we­re­ge ýal­kym sa­çyp, meý­dan­ça­lar­da «ja­dy­ly pur­sat­la­ry» dö­red­ýär. Baýramçylyk möw­sü­min­de şä­he­riň gi­je­ki gör­nü­şi dö­re­di­ji­lik adam­la­ry­nyň yl­ham çeş­me­si­ne öw­rül­ýär.