Ispaniýanyň “Barselona” kluby transfer möwsüminiň tamamlanan soňky gününde düzümine 2 portugal futbolçyny goşdy. Katalonlar “Mançester Sitiniň” portugaliýaly gapdal goragçysy Žoao Kanselony 1 ýyllygyna kärendesine transfer etdi. Geçen möwsümiň 2-nji ýarymyny “Bawariýada” kärendesine geçiren 29 ýaşyndaky oýunçy karýerasy boýunça “Benfika”, “Walensiýa”, “Inter”, “Ýuwentus”, “Mançester Siti” klublarynda oýnady.

Şeýle-de, “Barselona” topary hüjüm güýjüne-de portugaliýaly oýunçy transfer etdi. Onuň ady hem Žoao bolup, Žoao Feliksdir. Geçen möwsümiň 2-nji ýarymyny “Çelside” oýnan Feliks katalonlaryň düzüminde 1 ýyl kärendesine çykyş eder. Ol möwsümiň ahyrynda-da ‘Atletiko Madride” dolanar. 23 ýaşyndaky oýunçy “Atletikoda” oýnan 3,5 möwsüminde 131 oýunda 34 gol geçirdi. Ol “Çelside-de” 20 duşuşykda 4 gezek tapawutlandy.