Durmuşda duş gelýän kynçylyklary ýylgyryp ýeňip geçmegiň psihologik taýdan asudalygy saklamakda ähmiýetiniň uludygy bellenilýär. Adamyň psihologik sagdynlygyna öz-özüňe bolan ynam, başarnyklar, zehinli döredijilik, özüňe erk etmek degişli bolup, käbir ýüze çykýan kynçylyklarda bu alamatlar bozulýar. Bilermenler dartgynly ýagdaýlarda özüňi ele alyp, ýakynlaryň bilen derdiňi paýlaşmagyň, degişmegiň we gülmegiň adam saglygyna oňyn täsir edýändigini belleýärler. Gaharlanylan pursadynda gülmegiň kyndygyna garamazdan, gülki beýnini rahatlandyrýar. Degişmeleri okamak, filmlere tomaşa etmek, çagalar bilen wagt geçirmek arkaly şadyýanlykda dynç almak toplanan nerw energiýasyny boşatmaga ýardam edýär.
Endorfin beýnide we nerw ulgamynda bölünip çykýan gormon bolup, bedene psihologik taýdan täsir edýär. Adam gülende tebigy ýagdaýda endorfin öndürýär. Bu madda adamyň özüni gowy duýmagyny hem-de şadyýan bolmagyny üpjün edýär. Gülmek zynjyr görnüşindäki baglanyşygy döredip, adamlaryň arasyndaky bagtyýarlygy, rahatlyk duýgusyny ösdürýär. Adam gülende myşsalar rahatlanýar, bedendäki dartgynlylyk azalýar, şeýle aň aladalardan we pikirlerden daşlaşýar. Geçirilen barlaglarda degişmäniň we gülkiniň gan basyşyny, ýürek urşuny, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýandygy, agyry duýgusyny azaldýandygy ýüze çykaryldy. Endorfinleriň dowamly bölünip çykmagy adamyň özüni bagtly duýmagyna ýardam edip, durmuşa bolan kanagatlanmasyny artdyrýar. Bilermenler käbir degişmeleriň çendenaşa bolan ýagdaýynda adamyň gaharjaňlygyny artdyrýandygy üçin daş-töweregiňe hormat goýmalydygyny, diýýän sözleriňe we edýän hereketleriňe üns bermelidigini belleýärler. Şeýle hem birek-biregi goldamagy we ruhlandyrmaga çalyşmalydygyny maslahat berýärler.