Woleýbol boýunça zenanlaryň arasynda 4 ýurduň (Belgiýa, Estoniýa, Germaniýa, Italiýa) bilelikde guran 33-nji Ýewropa çempionatynda Türkiýäniň ýygyndysy çempion boldy. Belgiýanyň paýtagty Brýusselde oýnalan finalda Türkiýäniň ýygyndysy Serbiýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen finalyň 1-nji setinde serbler 27:25 öňe saýlandy. 2-nji setde 25:21 hasabynda ýeňiş gazanan türkler hasaby deňlediler. 3-nji setde ýene-de serbler ýeňiş gazandy (25:22). Şol hasap bilen tamamlanan 4-nji set türkleriň peýdasyna boldy. Final setinde bolsa iki toparam erjel oýun görkezdi. Netijede, Türkiýäniň ýygyndysy 15:13 ýeňiş gazanyp, umumy hasapda 3:2 öňe saýlandy we taryhynda ilkinji gezek Ýewropanyň çempiony bolmagy başardy.

Türkiýäniň ýygyndysy mundan öň 2 gezek finalda utulypdy. 2003-nji Polşadan, 2019-njy ýylda-da Serbiýadan asgyn gelen Türkiýäniň ýygyndysynyň 3 bürünç medaly (2011, 2017, 2021) hem bar. 2015-nji ýylda 4-nji ýeri eýelän türkler soňky 7 ýaryşda 6 gezek ýarym finala çykdy.

Final duşuşygynda Türkiýäniň ýygyndysynyň gazanan 112 utugynyň 41-sini öz adyna ýazdyran Melissa Wargas çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.

Bassyr 2-nji sapar finalda utulan Ýewropanyň 3 gezek çempiony Serbiýanyň ýygyndysynyň umumylykda 3 kümüş medaly bar.

Bürünç medal ugrundaky duşuşykda Niderlandlaryň ýygyndysy geçen ýaryşyň çempiony Italiýany 3:0 hasabynda ýeňip, 38 ýyldan soň 3-nji gezek 3-nji ýeri eýeledi.