8-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň bä­şin­ji kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­na hem-de Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin 14-15-nji sent­ýabr­da Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na bol­jak iş sa­pa­ry­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hä­zir­ki wagt­da gu­ra­ma­çy­lyk we beý­le­ki de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Du­şen­be şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de beý­le­ki bir­nä­çe çä­re­le­riň gu­ral­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, goň­şy ýurt­lar bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Türk­me­nis­tan iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let­le­ri bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk edip, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça däp bo­lan gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça anyk tek­lip­le­ri öňe sür­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň se­bit hyz­mat­daş­ly­gy me­se­le­le­rin­de mun­dan beý­läk-de iş­jeň or­ny eýe­le­jek­di­gi­ni nyg­tap, wi­se-prem­ýe­re, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne Du­şen­be­de ge­çi­ril­jek sam­mit­le­re hem-de göz öňün­de tu­tu­lan beý­le­ki çä­re­le­re ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.