Hy­ta­ýyň Şan­si we­la­ýa­ty­nyň Si­an şä­he­rin­de ýer­leş­ýän, tak­my­nan, 1400 ýyl­lyk ta­ry­hy bo­lan gink­go aga­jy (Gink­go bi­lo­ba) ýe­ne-de sa­ry do­na bü­ren­di. Zhong­nan da­gy­nyň ete­gin­dä­ki Luo­han­dong oba­sy­nyň «Gua­ny­in» ga­dy­my yba­dat­ha­na­sy­nyň çä­gin­däki bu «go­ja agaç» uzak ýa­şy we owa­dan gör­nü­şi bi­len köp­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. To­mus­da gül aç­ýan bu agaç güý­züň ahyr­ky aýyn­da al­tyn­sow ýap­rak­la­ra bü­ren­ýär. Äpet aga­jyň «sa­ry deň­zi» eme­le ge­tir­ýän gaý­ta­lan­ma­jak owa­dan­ly­gy­ny gör­mek üçin dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­den sy­ýa­hat­çy­lar bar­ýar.
Ro­wa­ýa­ta gö­rä, bu aga­jy im­pe­ra­tor Li Şi­min mi­la­dy­nyň 628-nji ýy­lyn­da ekip­dir. Hä­zir­ki wagt­da aga­jyň bo­ýy 21 met­re, şa­ha­la­ry­nyň giň­li­gi 19 met­re, göw­de­si­niň dia­met­ri 1,7 met­re ýet­ýär. Her ýy­lyň okt­ýabr aýyn­dan no­ýabr aýy­nyň ahy­ry­na çen­li gink­go aga­jy­nyň gu­ja­gy ha­ly dü­şe­len ýa­ly sa­ry ýap­rak­lar bi­len ör­tül­ýär. Gink­go aga­jyn­dan tä­nip ýe­re gaç­ýan ýap­rak­lar 10 san­ti­met­re çen­li ga­lyň­ly­ga ýe­tip bil­ýär. Äpet aga­jyň da­şy­ny gur­şap al­mak üçin eli­ni giň­den açan al­ty sa­ny adam ge­rek bol­ýar.
Äpet gink­go aga­jy Hy­ta­ýyň Go­rag as­tyn­da­ky ga­dy­my we meş­hur agaç­la­ry­nyň mil­li sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. 2021-nji ýyl­da güýç­li ýa­gyş­lar se­bäp­li aga­jyň kö­kü­ne we top­ra­gy­na zy­ýan ýetipdir. Yl­my bar­lag­lar esa­syn­da aga­jyň sag­dyn ýa­şa­ma­gy üçin dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­di. Şan­si to­kaý ylym­la­ry aka­de­mi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan aga­jyň ge­ne­ti­ki nus­ga­la­ry alyn­dy we şa­ha­la­ry­nyň kök ur­du­ryl­ma­gy ar­ka­ly ikin­ji ne­sil na­hal­lar üs­tün­lik­li ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di.
Gink­go hy­taý me­de­ni­ýe­tin­de aý­ra­tyn üns be­ril­ýän we go­ral­ýan agaç bo­lup, onuň ösüp otu­ran ýe­ri bagt­ly ül­ke ha­sap­lan­ýar. Müň­ýyl­lyk gink­go aga­jy Hy­ta­ýyň iň ga­dy­my agaç­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, oňa ba­gyş­la­nan ede­bi eser­ler hem bar. Gink­go­nyň ma­ňyz­ly mi­we­si (kü­müş erik) iý­mit hök­mün­de, ýap­rak­la­ry der­man­lyk mak­sat­da peý­da­la­nyl­ýar. Bu aga­jyň Gün­do­gar luk­man­çy­ly­gyn­da yk­rar edi­len bir­nä­çe peý­da­sy bar­. Di­no­zawr­la­ry gö­ren ga­dy­my aga­jy ýa­kyn­dan syn­la­mak üçin her gün 3 müň tö­we­re­gi adam bar­ýar.