9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.
Pagtaçylygyň Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň ähmiýetli pudagydygyny bellemek gerek. Ol milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmak, önümleriň daşary ýurtlara iberilişini artdyrmak babatda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň tebigy-howa şertleri gowaçanyň orta süýümli we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr.
Şu möwsümde tutuş ýurdumyzda 580 müň gektar ekin meýdany gowaça ekmäge bölünip berildi. Şol ýerlerde şu ýylyň baharynda pagtanyň “Ýolöten–7”, “Ýolöten–39”, “Jeýhun”, “S-2606”, “Daşoguz–120”, “Gubadag–3”, “149-F”, “Ýolöten–14” ýaly görnüşleri ekildi. “Ak altyny” ýygnap almakda, döwrebap pagta ýygýan kombaýnlar, çig maly daşamakda bolsa ýük awtoulaglary, traktorlar hem-de traktor tirkegleri ulanylar.
Pagta ýygym möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmat işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Kabul ediş bölümleri we pagta arassalaýjy kärhanalar täze hasyly kabul etmäge taýýarlanyldy. Olaryň ýanynda ýerleşýän barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň ýokary derejede barlanylmagyny üpjün ederler.
2023-nji ýylyň pagta ýygym möwsüminde Türkmenistanyň partiýalary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary öňdebaryjy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, ýer eýeleriniň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň alyp barýan işlerini höweslendirerler.
Şol gün Ahal, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti “ak altyn” hasyly bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Olar Döwlet baýdagy, halylar we şygarlar bilen bezelipdir.
Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular hasylyň ýygnalyp başlanmagyna ak pata berip, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny we gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.
Möwsümiň başlanmagy mynasybetli çärelere welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şu dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, obasenagat pudagynyň gaýtadan işlenen harytlarynyň, dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Artistler, sazandalar we aýdymçylar, welaýatlaryň tans-folklor toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş edip, dabaralaryň baýramçylyk şowhunyny artdyrdylar. Bereketli pagta hasylyny ýetişdiren önümçiligiň öňdebaryjylaryna — iň gowy pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.