11-nji sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow Sankt-Pe­ter­bur­gyň gu­ber­na­to­ry Alek­sandr Beg­low bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çir­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň iri se­bit­le­ri bi­len ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek nuk­daý­na­za­ryn­dan iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.
Öza­ra he­re­ket­le­riň mö­hüm ug­ry hök­mün­de me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­my bel­le­nil­di we onuň çäk­le­rin­de bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet pu­dak­la­ryn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Iki ýur­duň me­de­ni we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny, däp-des­sur­la­ry­ny go­rap sak­la­mak hem-de wa­gyz et­mek me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň çäk­le­rin­de Gün­do­ga­ryň akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri ge­çir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne se­re­di­lip ge­çil­di.
Ta­rap­lar şeý­le hem Türk­me­nis­tan bi­len Sankt-Pe­ter­bur­gyň ara­syn­da­ky söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň ugur­la­ry ba­ba­tyn­da du­rup geç­di­ler.