Şu gün, 11-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa ş.) täze bellenen Ilçisi Dang Ming Hoý bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi.
W.Hajiýew Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de onuň diplomatik işini durmuşa geçirmekde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda diplomatlar wajyp ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar ýokary derejedäki saparlary guramak meseleleri babatynda pikir alyşdylar. Türkmenistanyň we Wýetnamyň Parlamentleriniň türkmen-wýetnam dostluk toparlarynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary iki ýurduň parlamentariýleriniň saparlaryny alyşmak arkaly işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Diplomatlar halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, BMG-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.