Sankt-Pe­ter­bur­gyň gu­ber­na­to­ry Alek­sandr Beg­low we onuň ýa­nyn­da bol­ýan we­ki­li­ýet ag­za­la­ry Türk­me­nis­ta­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ba­ryp gör­dü­ler. Şä­her hä­kim­li­gin­de rus­si­ýa­ly hyz­mat­daş­la­ryň tä­ze şä­he­riň ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Iki şä­he­riň ara­syn­da dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Bu ba­ra­da Hal­ka­ra ha­bar­lar mer­ke­zi ha­bar ber­ýär.
Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi bi­len Sankt-Pe­ter­bur­gyň hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we yn­san­per­wer ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga we Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi bi­len Sankt-Pe­ter­bur­gyň hä­ki­mi­ýe­ti­niň ara­syn­da 2023-2027-nji ýyl­lar­da söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­na “Ýol kar­ta­sy­na” gol çe­kil­di.
Gol çek­mek da­ba­ra­syn­dan soň­ra myh­man­lar Ar­ka­dag şä­he­ri­ne aý­la­nyp gör­dü­ler. Myh­man­lar eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa elekt­ro­bus­da Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Ar­ka­dag şä­her döw­let ki­tap­ha­na­sy­na bar­dy­lar. Bu ýer­de olar Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eser­le­ri, Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy, şeý­le hem ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen bö­lüm bi­len ta­nyş­dy­lar. Hor­mat­ly myh­ma­na “Ar­ka­dag şä­he­ri – gel­je­giň şä­he­ri” at­ly ki­tap sow­gat be­ril­di.
Akyl­ly şä­he­re ge­ze­len­jiň çäk­le­rin­de rus­si­ýa­ly we­ki­li­ýet Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy, Ker­wen Dur­dy­gu­ly­ýe­wiň öý­le­ri­ne myh­man­çy­ly­ga bar­dy­lar.
Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gö­zel kün­jek­le­ri bi­len ta­nyş­ly­gyň bar­şyn­da, myh­man­lar ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň ýa­nyn­da­ky 250 ada­ma ni­ýet­le­nen sa­da­ka ja­ýy, aw­to­du­ral­ga, “Ne­sip” söw­da mer­ke­zi bi­len hem ta­nyş­dy­lar.
Ge­ze­lenç Gö­rog­ly adyn­da­ky döw­let at­çy­lyk sir­ki­ne ba­ryp gör­mek bi­len jem­len­di.