1985-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda “Super Mario” platforma oýun seriýasynyň ilkinjisi nusgasy bolan “Super Mario Bros” Ýaponiýada NES (Nintendo Entertainment System) oýun platformalary üçin hödürlendi. Wagtyň geçmegi bilen oýun bütin dünýä ýaýradyldy. Oýun täze tehnologiýa enjamlaryna, şol sanda kompýuterlere hem ornaşdyryldy. Oýnuň teleýaýlym üçin niýetlenen animasiýa seriýasy, multfilmi, ýapon anime multfilmi ýaly žanrlary peýda boldy. Netijede, ähli döwürde iň köp satylan oýny, iň gowy wideooýun ýaly ugurlarda öňdeligi eýeledi.