Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şä­he­rin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji mej­li­sin­de çy­kyş edip, Bü­tin­dün­ýä dur­nuk­ly ulag gü­ni my­na­sy­bet­li ýo­ka­ry de­re­je­li Mas­la­ha­ty ça­gyr­ma­gy tek­lip et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, BMG-niň jo­gap­kär­çi­lik­li ag­za döw­le­ti hök­mün­de Türk­me­nis­tan ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bel­läp, öz çe­me­leş­me­le­ri­ni we he­re­ket­le­ri­ni anyk be­ýan ed­ýär hem-de dur­mu­şa ge­çir­ýär. Bu ugur­lar bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň go­şan­dy gör­nük­li bo­lar we umu­my­dün­ýä mak­sat­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne hyz­mat eder, ola­ryň çalt ga­za­nyl­ma­gy­na ýar­dam be­rer.
Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz ile­ri tu­tul­ýan şol me­se­le­le­riň ara­syn­da Ulag ba­bat­da dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gy aý­ra­tyn bel­le­di.
«Biz Türk­me­nis­ta­nyň mak­sa­da gö­nük­di­ri­len işi­niň ne­ti­je­sin­de, di­ňe soň­ky ýyl­lar­da ulag ba­bat­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­myz bo­ýun­ça Baş As­samb­le­ýa­nyň al­ty ka­rar­na­ma­ny ka­bul eden­di­gi­ne buý­san­ýa­rys» – di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, şo­la­ryň soň­ku­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da şu ýy­lyň maý aýyn­da ka­bul edi­len «Bü­tin­dün­ýä dur­nuk­ly ulag gü­ni» at­ly ka­rar­na­ma­ny gör­kez­mek bo­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu res­mi­na­ma­ny bi­ra­gyz­dan gol­dan­dyk­la­ry üçin, äh­li ag­za döw­let­le­re min­net­dar­lyk bil­dir­di.
«Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şol ka­rar­na­ma­nyň düz­gün­le­ri­ne esas­la­nyp, Türk­me­nis­tan bu ses­si­ýa­nyň çäk­le­rin­de Bü­tin­dün­ýä dur­nuk­ly ulag gü­ni my­na­sy­bet­li ýo­ka­ry de­re­je­li Mas­la­ha­ty ça­gyr­ma­gy tek­lip ed­ýär. BMG-niň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň bu çä­rä­ni Nýu-Ýork­da gu­ra­mak­da ýar­dam ber­jek­di­gi­ne umyt ed­ýä­ris» – di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öz çy­ky­şyn­da bel­le­di.