20-nji sentýabrda Yragyň paýtagty Bagdatda 24-nji halkara kitap ýarmarkasy öz işine başlady. Bu medeni çärä 15 ýurtdan 600 töweregi ýerli we daşary ýurtly neşirýatlar gatnaşýar.

Bagdadyň halkara kitap ýarmarkasynyň müdiri Ahmed al-Zaki žurnalistler bilen söhbetdeşlikde dürli medeni we döredijilik çärelerini öz içine alýan 10 günlük ýarmarkanyň Yrakda möhüm medeni waka bolup durýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, kitap ýarmarkasy ilkinji gününden başlap, köp adamly boldy, çünki adamlar okamak arkaly arap we halkara medeniýetlerini öwrenmäge çalyşýarlar.

-Ýarmarkanyň dowamynda awtograf-sessiýalary, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de syýasatçylaryň gatnaşmagynda dürli mowzuklar boýunça seminarlar ýaly köp sanly çeper we medeni çäreler geçirilýär – diýip, Ahmed al-Zaki sözüniň üstüne goşdy.

Kitap ýarmarkasy Yrakdaky medeni hereketi baýlaşdyrmak, adamlary, esasan hem, ýaşlary okamak endigini ösdürmäge höweslendirmek üçin oňaýly mümkinçilikdir – diýip, ýarmarka gatnaşýan Basim al-Azawi aýtdy.