21-nji sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li «Ar­ka­dag Ser­dar­ly Wa­ta­nyň şöh­ra­ty Ga­raş­syz­lyk!» at­ly şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si gu­ral­dy. Şeý­le hem ser­gi­de ýur­du­my­zyň su­rat­keş­le­ri­niň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­za ba­gyş­lap dö­re­den eser­le­ri­ne uly orun be­ril­di.
Ser­gi­de şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň äh­li gör­nü­şi, ýag­ny nak­gaş­çy­lyk, ha­ly we zer­gär­çi­lik önüm­le­ri, kü­lal­çy­lyk hem-de heý­kel­ta­raş­lyk sun­ga­ty­na de­giş­li eser­ler ýer­leş­di­ril­di. Nak­gaş­la­ryň iş­le­rin­de hal­ky­my­zy ta­ry­hy, me­de­ni, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry we däp­le­ri, şeý­le hem ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri we bi­na­gär­lik öz­ge­riş­le­ri be­ýan edil­ýär.
Ga­raş­syz­lyk mow­zu­gy türk­men su­rat­keş­le­ri­niň we heý­kel­ta­raş­la­ry­nyň iň köp ýüz­len­ýän mow­zu­gy hem-de yl­ham çeş­me­si bol­ma­gyn­da gal­ýar. Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň köp­san­ly muş­dak­la­ry­ny özün­de jem­län şu gün­ki ser­gi­niň çäk­le­rin­de hem bu sun­ga­tyň dür­li akym­la­ry­na we ugur­la­ry­na mah­sus bo­lan däp­ler hem-de ýö­rel­ge­ler halk se­net­kär­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik us­sat­lyk­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp­dyr.