Russiýanyň 2-nji ligasynda ildeşimiz Gurban Berdiýewiň tälim berýän topary ýeňiş üstüne ýeňiş gazanmagyny dowam edýär. 10-njy tapgyrda sanawyň lideri “Alaniýany” 3-0 ýeňen “Dinamo-Mahaçkala” 11-nji tapgyryň çäginde öz meýdançasynda “Sokoldan” hem üstün çykdy. 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan mahaçkalalylaryň gollaryny 36-njy minutda Mutalil Alibekow bilen 74-nji minutda Mihail Kostýukow geçirdi. Şunlukda, 11 oýunda 6-njy ýeňşini gazanan “Dinamo-Mahaçkala” 21 utuk bilen 23 utukly lider “Alaniýadan” soň 2-nji orunda barýar. “Dinamo-Mahaçkala” indiki tapgyrda 1-nji oktýabrda 11-nji ýerdäki “Ýeniseý” bilen myhmançylykda duşuşar.