25-nji sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Gru­zi­ýa­da­ky il­çi­ha­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­ly­gy, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji mej­li­sin­de eden ta­ry­hy çy­ky­şy­na ba­gyş­la­nyp Gru­zi­ýa­nyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­riň we­kil­le­ri üçin bri­fing ge­çi­ril­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Gru­zi­ýa­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si D.Se­ýit­mäm­me­dow bri­fing­de çy­kyş edip, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryň için­de sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni we jem­gy­ýet­çi­lik ugur­la­ryn­da ägirt uly üs­tün­lik­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny bel­läp geç­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan uly öz­ge­riş­lik­ler Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy.
Pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, oňyn Bi­ta­rap­lyk, giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­na eýer­ýän Türk­me­nis­tan döw­le­ta­ra de­re­je­de bol­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de-de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň ös­dü­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di.
Bri­fin­giň do­wa­myn­da dip­lo­mat Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji mej­li­si­niň be­lent mün­be­rin­de eden mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­da­ky esa­sy baş­lan­gyç­la­ry we tek­lip­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­dy.
Yzy­gi­der­li sy­ýa­sy gep­le­şik­le­riň iş­jeň ös­dü­ril­me­gi­niň, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň, köp ugur­ly me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk ugur­la­ry­nyň esa­syn­da oňyn türk­men-gru­zin gat­na­şyk­la­ry­nyň çalt dep­gin­de ös­ýän­di­gi nyg­tal­dy.
Bri­fin­ge gat­na­şy­jy­la­ra ýur­du­my­zyň ýe­ten sep­git­le­ri, şeý­le-de türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy we me­de­ni­ýe­ti bi­len ta­nyş­dyr­ýan wi­deo gör­ke­zil­di.
Bri­fin­giň çäk­le­rin­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ki­tap­la­ry­nyň, şeý­le hem türk­men hal­ky­nyň me­de­ni we sun­gat eser­le­ri­ne ba­gyş­la­nan ser­gi gu­ral­dy.