21-22-nji sentýabrda Ženewa şäherinde Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) ministrler derejesindäki geňeşmeleri geçirildi.
Duşuşyga hazarýaka döwletleriň – Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri gatnaşdy.
Geňeşmeleriň dowamynda Tähran konwensiýasynyň Sekretariatynyň institusional mehanizmleri, daşky gurşawy goramak boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem duşuşygyň jemleýji resminamasy bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.