Şu gün – 27-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Döwlet münberi toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Dabara, däp bolşy ýaly, Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleriniň we harby tehnikalarynyň ýörişi bilen başlady. Hazarda ýerleşýän harby-deňiz güýçleri Dabaraly ýörişe onlaýn görnüşde goşulyp, harby gämiler uly ekran arkaly görkezildi.
Ýörişiň dowamynda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny üpjün etmäge niýetlenen häzirki zaman ýerüsti, howa uçar tehnikalary we ýaraglar görkezildi. Harby düzümleriň esgerleri bolsa öz ukyp-başarnyklaryny, nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezdiler. Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatynyň harby gözden geçirilişinden soňra, meýdançada ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän awtoulaglaryň toparlary peýda boldy. Münberden ýaňlanan waspnamalar ajaýyp öwüşginli dabaraly ýöriş bilen utgaşdy. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky toý dabaralary watançylyk mazmunly aýdym-sazly tans çykyşy bilen tamamlandy.