Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky Guýç­žou we­la­ýa­tyn­da­ky Şu­an­he­dun go­wak ul­ga­my dün­ýä­niň uzyn­ly­gy bo­ýun­ça üçün­ji go­wa­gy diý­lip yk­rar edil­di. Go­wa­gyň uzyn­ly­gy 409,9 ki­lo­met­re, iň çuň ýe­ri 912 met­re ýet­ýär. Şeý­le hem bu go­wak Azi­ýa­da­ky iň uzyn go­wak ha­sap­lan­ýar. Soň­ky ge­çi­ri­len bar­lag­da go­wa­gyň için­de 40 sa­ny pan­da­nyň ga­lyn­dy­la­ry we beý­le­ki pa­le­on­to­lo­gik ga­lyn­dy­la­ry ta­pyl­dy. Go­wa­gy öw­ren­mek üçin ge­çi­ri­len bar­la­ga we­la­ýa­tyň Dag se­riş­de­le­ri ins­ti­tu­tyn­dan, Go­wak­lar bi­le­le­şi­gin­den hem-de Fran­si­ýa­dan, Ita­li­ýa­dan we Bel­gi­ýa­dan 30-dan gow­rak hü­när­me­niň gat­na­şan­dy­gy aý­dyl­dy.
Mun­dan ozal 2019-njy ýyl­da hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň ge­çi­ren bar­la­gyn­da go­wak ul­ga­my­nyň uzyn­ly­gy 257,4 ki­lo­metr, çuň­lu­gy 665 metr diý­lip ha­sap­la­nyp­dy.
Alym­lar bu ýer­de ga­dy­my dö­wür­de ýa­şap ge­çen jan­dar­la­ryň ga­lyn­dy­sy­nyň ylym üçin äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Hal­ka­ra bi­ler­men­ler­den yba­rat to­par­lar 1988-nji ýyl­dan bä­ri bu go­wa­kda je­mi 22 yl­my-bar­lag işlerini ge­çi­rip­dir.

Eneş RO­ZY­ÝE­WA,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.