Garaşsyz Diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Halkyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin düýpli aladalar edilýär. Şeýle beýik maksatlar göz öňünde tutulyp, ata-babalarymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen ajaýyp jümlesinden ugur alnyp, ýylyň-ýylyna mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi baradaky ileri tutulýan wezipeler girizilip, onda il-ýurt bähbitli kararlar kabul edilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty Esasy Kanunymyza laýyklykda hem-de umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeleriň esasynda hereket edýän ýokary wekilçilikli edara bolup, döwürleriň we nesil dowamatynyň aýrylmaz özara baglanyşygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetliliginiň gadymy däplerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Merdana ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, Garaşsyz Watanymyzda ýetilen sepgitleri, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi täze derejelere ýetirmek maksady bilen geçirilýän umumymilli bu forum geljekde türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşyny üpjün eder.
Bu gün beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasy hasyl bolup, berkarar Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Watanymyzda çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, sport mekdepleriniň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, ençeme ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap obalaryň, şäherçeleriň we Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmegi ata Watanymyzyň kuwwatyny görkezýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy doly üpjün edildi. Bazarlarymyzyň, dükanlarymyzyň özümizde önýän harytlardan dolup durmagy gözüňi dokundyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeler deňsiz-taýsyzdyr.
Türkmenistan ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýar we häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Biz bu işlerde gujur-gaýratly, ukyp-başarnykly we bilimli hem synmaz erkli ýaşlarymyza daýanýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa adamlary belent maksatlaryň daşynda birleşdirip, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş eder.
Aba ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.