Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da we da­şa­ry döw­let­ler­de dür­li çä­re­ler hem da­ba­ra­lar ge­çi­ri­lip, döw­le­ti­mi­ziň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni, ýe­ten be­lent sep­git­le­ri­ni be­ýan ed­ýän ýö­ri­te ne­şir­ler çap edil­di. Bu baý­ram­çy­lyk wa­ka­lar dün­ýä­niň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň üns mer­ke­zin­de bol­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bir­nä­çe žur­nal­lar, şol san­da, şan­ly se­nä ba­gyş­la­nyp, Türk­me­nis­ta­nyň Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky il­çi­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan «Türk­me­nis­ta­nyň we Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry­nyň 30 ýyl­ly­gy» at­ly ýö­ri­te žur­nal, şeý­le-de «Sus­tai­nab­le Develop­ment Goals News» we «Bu­si­ness Cent­ral Asia» at­ly hal­ka­ra žur­nal­lar ne­şir edil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da­ky hem-de Hin­dis­tan­da­ky il­çi­ha­na­la­ry bu ne­şir­le­ri taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam be­rip, ola­ry ze­rur bo­lan mag­lu­mat­lar bi­len üp­jün et­di­ler.
Türk­me­nis­tan di­ňe bir esa­sy se­na­gat pu­dak­la­ry­ny çalt dep­gin­de ös­dür­mek, te­bi­gy çig mal se­riş­de­le­ri bi­len däl, eý­sem, me­de­ni­ýet, bi­lim, ylym, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da we beý­le­ki ugur­lar­da ägirt uly kuw­wat bi­len şert­len­di­ri­len uly müm­kin­çi­lik­le­ri bo­lan ýurt hök­mün­de-de tu­tuş dün­ýä­de gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Bu müm­kin­çi­lik­ler yk­dy­sa­dy­ýet­de, ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gyn­da, in­tel­lek­tu­al alyş­ma­lar­da wa­jyp orun eýe­le­ýär. Meş­hur da­şa­ry ýurt ne­şir­le­ri­niň ýö­ri­te san­la­ry­nyň çap edil­me­gi gül­läp ös­ýän Türk­me­nis­ta­na dün­ýä­niň gy­zyk­lan­ma­sy­nyň dur­nuk­ly art­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky be­ýa­ny­dyr.
Žur­nal­la­ryň sa­hy­pa­la­ryn­da mö­hüm wa­ka­lar we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, yk­dy­sa­dy, dur­muş, hu­kuk ul­gam­la­ryn­da, ylym­da hem-de me­de­ni­ýet­de ga­za­ny­lan uly üs­tün­lik­ler be­ýan edil­ýär. Olar­da Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň ýurt­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň gel­je­gi, se­bi­tiň döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.
Ne­şir­le­riň sa­hy­pa­la­ryn­da goz­ga­lan beý­le­ki mö­hüm me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da ener­ge­ti­ka, ulag, suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy we ýur­du­my­zyň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­le­ri bi­len bag­ly hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. Ma­ka­la­lar­da Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ta­ry­hy, türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň öz­bo­luş­ly­ly­gy we onuň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­nyň ýö­rel­ge­le­ri – beý­le­ki ýurt­la­ryň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­na, çäk bi­te­wü­li­gi­ne hor­mat goý­mak, ola­ryň içer­ki iş­le­ri­ne go­şu­lyş­maz­lyk, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar­da güýç ulan­mak­dan ýüz öwür­mek, hal­ka­ra iş­ler­de BMG-niň çöz­güt­le­ri­ni ile­ri tut­mak, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy, hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ýö­rel­ge­le­ri ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.
Par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti ha­kyn­da­ky mö­hüm mag­lu­mat­la­ra hem aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Mu­nuň özi döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň üs­tü­ni ýe­ti­rip, ola­ryň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­ga ýar­dam et­me­li­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ne­şir­ler­de mil­li yk­dy­sa­dy nus­ga­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ne­bit­gaz, ener­ge­ti­ka, ulag, se­na­gat, söw­da, oba ho­ja­ly­gy, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ry­nyň ösü­şi ba­ra­da mag­lu­mat­lar be­ril­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan türk­men, rus we iň­lis dil­le­rin­de ne­şir edil­ýän hem-de ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy dur­mu­şy­nyň mö­hüm wa­ka­la­ry­nyň sy­ny­na ba­gyş­la­nan «Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty we dip­lo­ma­ti­ýa­sy» at­ly yl­my-ama­ly žur­na­lyň ikin­ji sa­ny çap­dan çyk­dy. Žur­nal­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry bi­len ge­çi­ren köp san­ly du­şu­şyk­la­ry we gep­le­şik­le­ri yzy­gi­der­li­lik­de be­ýan edil­ýär. Žur­nal­da dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ru­hun­da ös­dü­ril­ýän iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hy ba­ra­da­ky ma­ka­la­lar ýer­leş­di­ril­di.
Ne­şi­riň tä­ze sa­ny­nyň däp bo­lan «Dip­lo­ma­tik dur­mu­şyň se­ne­na­ma­sy» at­ly umu­my söz­ba­şy­sy­nyň as­tyn­da ýer­leş­di­ri­len ha­bar­lar­da ýur­du­myz­da hem-de da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­lar, bri­fing­ler, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler, hö­kü­me­ta­ra to­par­la­ryň mej­lis­le­ri, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň we­ki­li­ýet­le­ri hem-de iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri bi­len ge­çi­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar­dyr gep­le­şik­ler ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.
Dö­wür­le­ýin ne­şir­ler ýur­du­my­zyň we ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň dur­mu­şy, me­de­ni­ýe­ti, aý­dym-saz sun­ga­ty, türk­men ta­gam­la­ry, mil­li mi­ras, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler ba­ra­da­ky kö­pö­wüş­gin­li su­rat­lar bi­len be­ze­lip­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler bi­len has ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.