Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan ko­fe gü­ni dür­li gün­ler­de bel­le­nil­ýän hem bol­sa, 2015-nji ýyl­dan bä­ri 1-nji okt­ýabr­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de bel­le­nil­ýär. 2014-nji ýylda Hal­ka­ra Ko­fe Gu­ra­ma­sy­na (ICO) ag­za ýurt­lar bel­li bir gü­ni ko­fe gü­ni edip bel­le­mek ka­ra­ry­na gel­ýär. Şeý­le­lik­de 2015-nji ýy­lyň 1-nji okt­ýabr­dan baş­lap, ko­fe gü­ni bel­le­nil­ýär. 2014-nji ýylyň 3-7-nji mar­tyn­da Mi­lan­da ge­çi­ri­len “Expo 2015” ser­gi­sin­de Hal­ka­ra Ko­fe Gu­ra­ma­sy ko­fe gü­nü­ni dö­ret­mek ka­ra­ry­na gel­ýär. Şeý­le-de bol­sa ko­fe gü­nü­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­lip­ler öz göz­ba­şy­ny has ir­ki dö­wür­den alyp gaýd­ýar. Il­kin­ji ge­zek 1983-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa Bü­tin­ýa­po­ni­ýa ko­fe bi­le­le­şi­gi bu içim­li­ge ba­gyş­la­nan gü­ni dö­ret­me­gi tek­lip ed­ýär.
1997-nji ýyl­da Hy­taý­da, 2005-nji ýyl­da Ne­pal­da, 2009-njy ýyl­da Taý­wan­da dür­li se­ne­ler­de ko­fe gün­le­ri bel­le­nil­ýär. 2009-njy ýy­lyň 3-nji okt­ýabr­da ABŞ-nyň Lui­zia­na şta­ty­nyň Tä­ze Or­leans şä­he­rin­de ko­fe fes­ti­wa­lyn­da hem şeý­le tek­lip or­ta atyl­ýar.
Ko­fe dün­ýä­de iň köp sa­tyl­ýan ha­ryt­la­ryň ara­syn­da ýo­kar­ky orun­la­ry eýe­le­ýär.

Ko­fe ön­dü­rmekde öňdebaryjy ýurt­lar