Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak gökdiräniň gurluşygyna başlandy. Bu barada “Mitsubishi Estate” kompaniýasynyň taslamasynyň operatory mälim etdi.

Gurluşyk işleri paýtagtyň merkezindäki Tokionyň demir ýol menziliniň ýanynda başlandy. “Torch Tower” diýlip atlandyryljak gökdiräniň beýikliginiň, takmynan, 390 metre deň bolup, gurluşyk işleriniň 2028-nji ýylyň martynda tamamlanmagyna garaşylýar. Şeýlelik bilen, täze bina häzirki rekord eýesinden – Tokiodaky beýikligi 330 metr bolan “Azabudai Hills” binasyndan öňe geçip, ýurtdaky iň beýik gökdirän bolar.

Görnüşi we dizaýny boýunça täze gökdirän, adyndan belli bolşy ýaly fakele meňzeýär. Bu gökdiräniň ýokarky gatlarynyň has-da ýagty saçyp, ýanyp duran fakel alawyny ýadyňa salar.