Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­siň ýe­din­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň üçün­ji mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Onuň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na we ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan bir­nä­çe ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy hem-de ka­bul edil­di.
Mas­la­ha­ta de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri ça­gy­ryl­dy.
Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da de­pu­tat­lar «Türk­me­nis­ta­nyň «Ar­ka­dag» me­da­ly­ny dö­ret­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
«Türk­me­nis­ta­nyň «Ar­ka­dag» me­da­ly­ny dö­ret­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­syn­da «Ar­ka­dag» me­da­ly­nyň Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­la­gy bo­lup dur­ýan­dy­gy, onuň dur­muş, jem­gy­ýet­çi­lik, yn­san­per­wer, ha­ýyr-sa­ha­wat, meý­le­tin­çi­lik iş­le­ri­niň ös­me­gi­ne, luk­man­çy­lyk, sa­gal­dyş-di­kel­diş hyz­mat­la­ry­nyň gu­ral­ma­gy­na, şeý­le hem he­ma­ýa­ta mä­täç ça­ga­la­ra we ýaş­la­ra ma­li­ýe we mad­dy kö­me­gi­ni, mas­la­hat­la­ry we usu­ly taý­dan kö­mek ber­mek­de uly go­şant go­şan Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­ny we da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry­ny sy­lag­la­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­ýän­di­gi gör­ke­zil­di.
Yn­san­per­wer­lik, ada­my hor­mat­la­mak ýa­ly mil­li ýö­rel­ge­le­ri­miz­den ugur al­nyp taý­ýar­la­nan bu Ka­nu­nyň tas­la­ma­sy Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň yn­san­per­wer baş­lan­gyç­la­ry­ny dün­ýä ýaý­ma­ga, döw­le­tiň yn­san­per­wer dur­muş sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne uly ýar­dam be­rer.