3-5-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da Du­şen­be şä­he­rin­de, «Ki­tap Du­şen­be-2023» at­ly 11-nji Hal­ka­ra ki­tap ser­gi­si ge­çi­ril­ýär. Ser­gi­niň işi­ne Tä­ji­gis­tan­da akk­re­di­tir­le­nen dip­lo­ma­tik kor­pus bi­len bir ha­tar­da Türk­me­nis­ta­nyň Il­çi­ha­na­sy mil­li öwüş­gin­de be­ze­len öz ki­tap di­war­ly­gy bi­len gat­naş­ýar.
Hal­ka­ra ki­tap ser­gi­sin­de Ga­raş­syz we He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­ty­na, şeý­le hem döw­le­tiň ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne ba­gyş­la­nan ki­tap­lar we ne­şir­ler hö­dür­len­ýär.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eser­le­ri ser­gi­de aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň ki­tap di­war­ly­gyn­da baý, köp­ta­rap­ly türk­men me­de­ni­ýe­ti, ta­ry­hy we sun­ga­ty ba­ra­da be­ýan edil­ýän çe­per eser­ler, yl­my eser­ler we dö­wür­le­ýin ne­şir­ler hem gör­ke­zil­ýär.
Hal­ka­ra ser­gi­niň çäk­le­rin­de Il­çi­ha­na ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­tan bi­len Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ne­şir edi­len ýö­ri­te žur­na­lyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy­na Tä­ji­gis­ta­nyň me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň, Mil­li ki­tap­ha­na­sy­nyň, Mil­li mu­ze­ýi­niň ýol­baş­çy­la­ry, Du­şen­be­de iş­le­ýän dip­lo­ma­tik kor­pu­syň we­kil­le­ri, şeý­le-de ta­lyp ýaş­lar we jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.