2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­diler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da we­la­ýat­lar­da bug­daý eki­şi gu­ra­ma­çy­lyk­ly do­wam ed­ýär. Şun­da oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ryn­dan, gu­ral­la­ryn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar. Ekiş ge­çi­ri­len ýer­ler­de gö­ge­riş su­wy tu­tul­ýar we ka­da­ly gö­ge­riş alyn­ýar. Şeý­le hem pag­ta ýy­gy­my­nyň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly gys­ga wagt­da, ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak ug­run­da de­giş­li iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Hu­su­san-da, pag­ta ha­sy­ly­ny kom­baýn­lar bi­len ýyg­nap al­mak üçin go­wa­ça­la­ryň ýap­ra­gy dü­şü­ril­ýär. Pag­ta­çy daý­han­lar bi­len ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ge­çi­ril­ýär.
We­la­ýat­lar­da­ky umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, has­sa­ha­na­la­ryň, oba sag­lyk öý­le­ri­niň we mer­kez­le­ri­niň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ýy­la­dyş ul­gam­la­ry gy­şa ta­la­ba­la­ýyk taý­ýar­la­nyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, hä­kim­ler şu ýyl se­bit­ler­de açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­diler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, hä­zir­ki wagt­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di hem-de gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý eki­şi­niň bel­le­nen möh­let­ler­de ge­çi­ril­me­gi, ekiş ge­çi­ri­len ýer­ler­de ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi, pag­ta ýy­gy­my­nyň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek ba­bat­da hä­kim­le­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mun­dan baş­ga-da, şu ýyl we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tu­lan dür­li mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­bat­da hä­kim­le­re anyk gör­kez­me­ler be­ril­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, we­la­ýat­lar­da gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly­nyň düý­bü­ni tut­mak mak­sa­dy bi­len, bug­daý eki­şi do­wam ed­ýär. Ekiş ge­çi­ril­ýän meý­dan­la­ra mi­ne­ral dö­kün­le­ri ber­mek iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Ekiş bi­len bir­lik­de, Ahal, Bal­kan, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň bug­daý eki­len meý­dan­la­ryn­da gö­ge­riş su­wu­ny, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ekiş­den öň ýer­le­re tagt su­wu­ny tut­mak iş­le­ri ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şu iş­ler bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­myz­da ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny gys­ga wagt­da ýyg­nap al­mak, ýyg­nal­ýan ha­sy­ly pag­ta ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da ka­bul et­mek hem-de ha­sy­ly pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da gaý­ta­dan iş­le­mek, tab­şy­ry­lan ha­syl üçin pag­ta­çy daý­han­lar bi­len ha­sap­la­şyk­la­ry öz wag­tyn­da ge­çir­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär.
Şeý­le hem wi­se-prem­ýer Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da şa­ly ora­gy­na gi­ri­şi­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Mun­dan baş­ga-da, Le­bap we­la­ýa­tyn­da şa­ly ora­gy­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da gant şu­gun­dy­ry­ny ýyg­na­ma­ga baş­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki wagt­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di hem-de bug­daý eki­şi­niň bel­le­nen ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ge­çi­ril­me­gi­ni, ekiş ge­çi­ri­len ýer­ler­de ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni, ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­nyň gys­ga wagt­da we ýit­gi­siz ýyg­na­lyp alyn­ma­gy­ny berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy. Mun­dan baş­ga-da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gök-bak­ja we beý­le­ki azyk­lyk oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly­nyň öz wag­tyn­da ýyg­na­lyp alyn­ma­gy­ny, gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin ekiş ge­çi­ri­len ýer­ler­de ideg iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, şu gün­ler al­nyp ba­ryl­ýan oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de ge­çi­ril­me­gi­niň ze­rur ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di we bu ugur­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­gi tab­şyr­dy.