Dünýäde ululy-kiçili şäherleriň 10 müňüsi bolup, ýerleşişi, tebigaty we binagärlik desgalary bilen biri-birinden tapawutlanýar. Syýahatçylyk pudagynda uly şäherler köp jahankeşdäni kabul edip, meşhurlyk gazanýan hem bolsa, kiçi şäherleriň arasynda-da syýahatçylary haýran galdyrýanlary bar. Şeýle şäherleriň biri hem Lýublýana bolup, gazetimiziň şu sanynda bu şäher baradaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Lýublýana diýlende Merkezi Ýewropanyň özüneçekiji, kiçijik şäheri göz öňüňe gelýär. Aňyrsy-bärsi görnüp duran bu şäher dünýäniň meşhur şäherleri ýaly syýahatçylara birnäçe başdangeçirmeleri hödürleýär. Lýublýana Sloweniýanyň paýtagty bolup, Alp daglary bilen Adriatikanyň gabatlaşýan ýerinde ýerleşýär. Geografik taýdan amatly ýerde ýerleşen bu şäher Ýewropa Bileleşiginde tokaý örtügi boýunça üçünji orunda durýar. Ýagny Lýublýananyň ýerüsti meýdanynyň 66 göterimini tokaýlar tutýar. Şäheriň tutýan meýdany 163,8 inedördül kilometr bolup, 285 müň ilaty bar.
Lýublýana Lýublýanika derýasynyň sag we çep kenarlaryna uzalyp gidýär. Derýanyň boýunda hatara düzülen kafeler, restoranlar we owadan köprüler bar. Bu ýerden uly depäniň üstüne çykyp, Lýublýana galasyny synlap bolýar. Bellemeli zatlaryň biri, Lýublýana gelýän myhmanlaryň şäherde azaşmak aladasynyň bolmazlygydyr. Ýagny bu ýerde ýollar derýa bilen ugurdaş gurlupdyr. Galyberse-de, şäheriň her burçunda salgy beriş nokatlary bar.
Kiçijik şähere gelýän syýahatçylaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär. Lýublýananyň täsin tebigaty we arassa howasy jahankeşdeleriň göwnüni göterip, şähere gezelenç etmäge mümkinçilik berýär. Gezelenç derýanyň kenarynda ýöremekden başlanýar. Isleg bildirýänler üçin derýada gaýykly gatnaw hem bar. Haçanda gülgüne ybadathananyň ýerleşýän ýerine, ýagny Preseren meýdanyna ýetilende, şäheriň nyşanlarynyň biri bolan üç köprä gözüň düşýär. Köprüden geçmezden ozal meýdança ady dakylan slowen şahyry Frank Presereniň heýkelini synlap, şahyryň diwara ýazylan söýgi setirlerini okap bolýar. «Triple Bridge» (üç köpri) meşhur binagär Ýože Pleçnik tarapyndan taslamasy işlenip, 1800-nji we 1930-njy ýylda gurlan meşhur pyýada köprüsidir. Köpriniň üstünden daş-töweregi synlamak arkaly şäheriň owadan binagärliginiň şaýady bolýarsyň. Şäheriň döwrebap merkezi bolan Mestni meýdançasy hem syýahatçylaryň köp barýan ýeridir. Meýdançada wenesiýaly binagär Françesko Robba tarapyndan esasy nyşanlaryň biri bolan Üç Karniola çüwdürimi gurlupdyr. Meýdançadan ýokarlygyna daşly köçelerden ýöräp, şäher galasyna barylýar. Bu ýer şäheriň iň gadymy we owadan künjegidir. Galada taryhy binalar bilen bir hatarda, döwrebap jaýlary, restoranlary we dükanlary görmek bolýar. Lýublýanada gadymy binalaryň köpdügine garamazdan, ýaş şäherleriň biri hasaplanýar. Sebäbi bu şäherde 50 müň talyp bilim alýar.
Syýahatyň indiki duralgasy şäheriň nyşany bolan aždarha heýkelleri bilen bezelen Dragon köprüsidir. Lýublýanikanyň üstünde gurlan bu köpri duşmana haýbat atmagyň manysy hökmünde bina edilipdir. Şäheri aýlanyp ýörkäň, simlerden asylan köne aýakgaplary görmek bolýar. Munuň uniwersiteti tamamlan talyplaryň däbidigine her kim geň galýar. Gijelerine şäheriň şatlyk-şowhuny has-da artýar. Köçelerde aýdym-saz çykyşlaryny, tanslary we sungat eserleriniň sergilerini synlamak bolýar.
Şäherde hemmeler birek-biregi tanaýan ýaly özlerini dostlukly gatnaşykda alyp barýarlar. Şäher kiçi bolansoň, ýolda duş gelen adamlaryňy günüň dowamynda üç-dört gezek görmek bolýar. Wenesiýa, Zagreb we Wena ýaly şäherlerden birnäçe sagat uzaklykda ýerleşýän Lýublýana tebigy gözelliklere beslenen syýahat edilmeli şäherleriň biridir.