4-nji okt­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Mi­ka­il Jab­ba­ro­wy ka­bul et­di.

Myh­man mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi hem-de döw­le­ta­ra söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ýüz­be-ýüz du­şu­şyk­da ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň sa­la­my­ny hem-de äh­li türk­men hal­ky­na pa­ra­hat­çy­lyk, bag­ty­ýar­lyk, aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Mi­ka­il Jab­ba­row hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny di­ýen be­lent adyň da­kyl­ma­gy bi­len gut­la­dy. Mu­nuň özi äh­li­halk söý­gü­si­niň we sar­pa­sy­nyň yk­rar edil­me­gi­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri­ni mä­hir­li mü­bä­rek­läp hem-de hoş­ni­ýet­li söz­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, dost­luk­ly ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di we şu ge­zek­ki sa­pa­ryň bar­şyn­da ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­la­ryň, gep­le­şik­le­riň iki ýur­duň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Bi­ziň ýurt­la­ry­my­zy we halk­la­ry­my­zy kö­pa­syr­lyk dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy nyg­tal­dy. Bu bol­sa öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy we gi­ňel­dil­me­gi üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň iki ýur­duň uly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ta eýe­di­gi hem-de ola­ryň uzak möh­let­le­ýin ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dy­gy esa­syn­da ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.
Bi­ziň ýurt­la­ry­myz se­bit we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, oza­ly bi­len, BMG-niň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Bu hyz­mat­daş­ly­gyň do­wa­myn­da Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge hem-de äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry öza­ra gol­da­ýa­rys di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Ne­ti­je­li ýag­daý­da ge­çen du­şu­şy­gyň bar­şyn­da söh­bet­deş­ler deň­hu­kuk­ly­lyk, yna­nyş­mak, öza­ra dü­şü­niş­mek esa­syn­da gu­ral­ýan döw­le­ta­ra dia­lo­gyň ýe­ti­len ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler. Umu­my pi­ki­re gö­rä, iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gin­de Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-azer­baý­jan to­pa­ry­na uly orun de­giş­li­dir.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Mi­ka­il Jab­ba­row bi­rek-bi­re­ge berk jan sag­lyk we aba­dan­çy­lyk, iki ýur­duň do­gan­lyk halk­la­ry­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, mun­dan beý­läk-de ro­waç­lyk ar­zuw et­di­ler.