Hytaýyň «China Eastern Airlines» awiakompaniýasy bu ýurtda işlenip taýýarlanan ilkinji uçar bolan «C919» uçaryndan 100 sanysyny sargyt etdi. Awiakompaniýa ilkinjileriň hatarynda mundan ozal hem şol uçardan satyn alypdy. Täze sargyt edilen howa gämileri 2024-2031-nji ýyllar aralygynda gowşurylar. «China Eastern Airlines» 2021-nji ýylda, entek uçaryň önümçiligi ýola goýulmanka 5 sany «C919» sargyt edipdi.
«C919» uçaryny Hytaýyň täjirçilik uçar kompaniýasy (COMAC) işläp taýýarlady. Ýurduň ilkinji ýerli ýolagçy uçary hasaplanýan howa gämisi 156-168 aralygynda ýolagçy orunlyk bolup, orta uzaklyga gatnamaga niýetlenendir. Häzirki wagtda dünýäde ýolagçy uçar önümçiliginde «Boeing» hem-de «Airbus» öňdeligi eýeleýär.
Şamuhammet AŞYROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.