Osa­ka­da ge­çi­ril­jek “EXPO-2025” hal­ka­ra ser­gi­si­niň gu­ra­ma­çy­la­ry gur­lu­şy­gyň ba­ha­sy ba­ra­da­ky çak­la­ma­la­ry­ny has-da art­dyr­dy­lar. NHK te­le­ýaý­ly­my­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, me­ýil­na­ma tä­ze­den göz­den ge­çi­ri­len­den soň, as­so­sia­si­ýa umu­my çyk­da­jy­la­ryň 1,57 mil­liard dol­la­ra ýet­me­gi­ne ga­raş­ýar.
Bu 2020-nji ýyl­da­ky ha­sap­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 335 mil­li­on dol­lar we il­ki­baş­da­ky me­ýil­na­ma­dan 1,8 es­se köp­dür. Il­ki­baş­da gur­lu­şyk üçin çyk­da­jy­lar hä­zir­ki wal­ýu­ta hüm­me­ti bo­ýun­ça, tak­my­nan, 840 mil­li­on dol­la­ra ba­ra­bar­dy.
Gu­ra­ma­çy­lar çyk­da­jy­la­ryň kö­pel­me­gi­ni ma­te­ri­al­la­ryň we zäh­me­tiň ba­ha­la­ry­nyň ýo­ka­ry bol­ma­gy, şeý­le-de gur­lu­şyk iş­le­ri­ni ak­gyn­ly alyp bar­mak üçin goş­ma­ça çyk­da­jy­lar bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar. Bu çyk­da­jy­la­ry deň paý bi­len mer­ke­zi hö­kü­met, pre­fek­tu­ra­nyň we Osa­ka şä­he­ri­niň hä­ki­mi­ýet­le­ri, şeý­le-de biz­nes to­par­la­ry öz üs­tü­ne al­ma­ly bo­lar. Hö­kü­met çyk­da­jy­la­ryň tä­ze sme­ta­syn­dan ugur alyp, 525 mil­li­on dol­lar möç­ber­de çyk­da­jy­la­ry öz üs­tü­ne al­mak­çy.
“Expo 2025” ser­gi­si ba­ra­da
Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly Ýa­po­ni­ýa­nyň Osa­ka şä­he­rin­de 2025-nji ýy­lyň 13-nji ap­re­lin­den 13-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da “World Expo 2025” ser­gi­si ge­çi­ri­ler. Osa­ka aý­la­gyn­da ýer­leş­ýän eme­li gur­lan Ýu­me­si­ma ada­sy ser­gi­niň ge­çi­ril­jek ýe­ri hök­mün­de saý­lan­dy. Bu ýer IN­TEX Osa­ka ser­gi top­lu­my­nyň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. Ýa­pon ta­ra­py, 2020-nji ýyl­da gu­ra­lan Hal­ka­ra ser­gi­le­ri býu­ro­sy­nyň mas­la­ha­tyn­da çä­rä­niň jik­me-jik me­ýil­na­ma­sy­ny hö­dür­läp­di.
“Ýag­ty dur­muş üçin gel­jek­ki jem­gy­ýe­ti dö­ret­mek” “Expo 2025”-iň esa­sy şy­ga­ry­dyr. Des­lap­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ser­gi, tak­my­nan, 28 mil­li­on ada­my özü­ne çe­kip, Osa­ka­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne 18 mil­liard dol­lar tö­we­re­gi gir­de­ji ge­ti­rer. Ser­gi 170-den gow­rak ýur­duň gat­naş­ýan iň uly hal­ka­ra ser­gi­si­dir. Olar bäş ýyl­dan bir ge­zek ylym­da, teh­no­lo­gi­ýa­da, bi­na­gär­lik­de we sun­gat­da öz ga­za­nan­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler.
Osa­ka 1970-nji ýyl­da “Expo” ser­gi­si­ni ge­çi­rip­di. Şon­da bu çä­re, Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­dan al­ty ýyl soň, ýur­duň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň sa­ýa­syn­da To­kio­da ýo­ka­ry tiz­lik­li ýol­la­ryň, “şin­kan­sen” aşa ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­lu­la­ryň we beý­le­ki teh­no­lo­gik ösüş­ler ýü­ze çy­kan­da ge­çi­ri­lip­di. Şol dö­wür­de Osa­ka­da ser­gi üçin ni­ýet­le­nen giň se­ýil­gäh gu­rul­dy. Bu ýer­de “Gün di­ňi” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan 70 metr­lik heý­kel di­kel­di­lip, ser­gi gu­ra­lan­da oňa 64 mil­li­on adam ba­ryp gö­rüp­di.
Bü­tin­dün­ýä ser­gi­le­ri­niň dä­bi XIX asy­ryň or­ta­la­ry­na uza­ýar: il­kin­ji “Expo” ser­gi­si 1851-nji ýyl­da Lon­don­da ge­çi­ri­lip, Pa­riž şeý­le ser­gi­le­riň al­ty­sy­ny özün­de ka­bul et­di.