13-14-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geçiriler.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusufyň sözlerine salgylanýan «Report.az» agentliginiň habaryna görä, mejlise 6 ýurduň — guramany esaslandyryjylar bolan Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň medeniýet ministrleri gatnaşarlar.
Däp bolşy ýaly, mejlisde TÜRKSOÝ tarapyndan ýerine ýetirilen işler ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle-de 2024-nji ýyl üçin öňde duran wezipeler kesgitleniler we degişli çözgütler kabul ediler.