9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly çäre geçirildi. Onda “Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň” ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizilmegi bilen bagly degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Dabarada degişli şahadatnamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gowşurdy.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirilipdi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän “Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny” bu guramanyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň tutuş dünýäde ähmiýetlidiginiň, şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistan Watanymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişliginde giňden ykrar edilýändiginiň we Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň beýanydyr.