9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda we Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygy, şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklaryna degişli taslamalar we gurluşygy dowam edýän desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalarydyr çyzgylary bilen tanyşdyrylyş çäresine Hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýerde Balkan welaýatynyň çäginde bina edilmegi göz öňünde tutulýan, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän döwrebap elektrik stansiýasynyň taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bular barada wise-premýer B.Annamämmedow türkmen halkynyň Milli Liderine hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynyň çäginde bina edilmegi göz öňünde tutulýan, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygyna toplumlaýyn we jogapkärli çemeleşmelidigini belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistandan Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasy iberilýär. Täze desganyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň kuwwaty ýene-de artar. Şeýlelikde, türkmen energiýasyny sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy pugtalanar. Şol bir wagtyň özünde, ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiligi ýokarlanar we täze iş orunlary dörediler.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Şunda energetika desgalary gurlanda, daşky gurşawa ýaramaz täsiriň ýetirilmegini azaltmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär. Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz elektrik stansiýasyny muňa mysal hökmünde getirip bolar. Şeýlelikde, Balkan welaýatynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän elektrik stansiýasynyň utgaşykly dolanyşykda işlemegi bu pudaga dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň işjeň ornaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.