Şu gün Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi­ler mer­ke­zin­de ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýän «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi­niň we onuň çäk­le­rin­dä­ki yl­my mas­la­ha­tyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy.
Her ýyl ge­çi­ril­ýän bu çä­re luk­man­çy­lyk yl­my­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na or­naş­dyr­ma­ga we da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýän iň iri hem-de ab­raý­ly fo­rum­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan bu ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Hö­kü­me­tiň ag­za­la­ry, Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, luk­man­çy­lyk yl­my-kli­ni­ki mer­kez­le­ri­niň, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň köp san­ly iş­gär­le­ri gat­naş­dy­lar.


Giň ser­gi za­lyn­da ýur­du­myz­da­ky sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty­na, bi­lim we sport ul­ga­my­na de­giş­li eda­ra­la­ryň pa­wil­ýon­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bio­lo­gi­ýa, hi­mi­ýa, teh­no­lo­gi­ýa ýa­ly ugur­lar­da­ky tas­la­ma­la­ry bu ýe­re ge­len­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Şeý­le hem da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bir­nä­çe­si­niň di­war­ly­gy bar.
Ser­gi­niň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­na ýe­ňil aw­tou­lag­lar gow­şu­ryl­dy.