“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Daşoguz welaýatynyň şalyçylary 8100 gektar ýerde bereketli saçaklaryň bezegi bolan şalynyň bol hasylyny kemala getirdiler. Häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Demirgazyk sebitde şaly, esasan, welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň “27-nji oktýabr” we S.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Toý baýramlara hem uly üstünliklere beslenýän ýylymyzda S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdandan 20500 tonna, “27-nji oktýabr” daýhan birleşiginde bolsa 3350 gektar ýerden 14500 tonna hasyl ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Şalynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin bu daýhan birleşikleri kärendeçileriň ýüzlerçesi bilen şertnama baglaşdy. Ýöriteleşdirilen hojalyklaryň şalyçy kärendeçileriniň ençemesi oragyň ilkinji günlerinden şertnamalaýyn tabşyryklaryny artygy bilen berjaý edip, uly zähmet üstünligini gazandylar. Döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler, hemaýat-goldawlar, giň gerimli mümkinçilikler has netijeli işlemäge, ýokary hasyl öndürmäge oňaýly şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde suw, tohum, dökün meseleleriniň düýpli çözülmegi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ýeterlik mukdarda satyn alynmagy, oba hojalygyna häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy tejribeleriniň we gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagy, daýhan bilen hasaplaşygyň öz wagtynda geçirilmegi zähmet ýeňişlerine hyjuw döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agrosenagat toplumynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar, daýhanlaryň zähmetine mynasyp baha berilýär. Şeýle özgertmeler netijesinde, ýer eýeleriniň ene topraga yhlasy artýar. Olar alyn deri bilen ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrýarlar, uly zähmet ýeňişlerini gazanyp, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna önjeýli goşant goşýarlar. Döredýän oňaýly şertleri, berýän hemaýat-goldawlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Gülşat Gurbanowa,
Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň hasapçysy.