Formula 1 boýunça möwsümiň 18-nji ýaryşy Kataryň Lusail şäheriniň adybir halkara trassasynda geçirildi. Ýaryşa soňky 2 ýylyň çempiony, “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen täze möwsümiň hem çempiony hökmünde çykdy. Ol esasy ýaryşdan 1 gün geçirilen sprint bäsleşiginde Oskar Piastriden soň 2-nji ýeri eýeläp, çempionlyk üçin özüne gerek bolan 3 utukdan artygragyny aldy we bassyr 3-nji çempionlygyny yglan etdi.
Çempion hökmünde çykan bäsleşiginde 57 aýlawy 1 sagat 27 minut 39,168 sekuntda tamamlan Maks Werstappen möwsümdäki 14-nji, karýerasyndaky 49-njy ýeňşini gazandy. Ýaryşda 2-3-nji orunlary “McLaren-Mercedes” toparynyň sürüjileri eýeläp, awstraliýaly Oskar Piastri ýeňijiden 4,833 sekunt, britaniýaly Lando Norris 5,969 sekunt yza galdy. “Mercedes” toparynyň 2 britan sürüjisiniň biri Jorj Rassell 4-nji, “Ferrari” toparynyň monakoly piloty Şarl Lekler 5-nji orna mynasyp boldy. “Mercedes” toparynyň beýleki britan piloty Lýuwis Hamilton eýýäm 3-nji aýlawda awariýa sezawar bolup, ýaryşdan çykdy. “Ferrari” toparynyň beýleki sürüjisi, ispaniýaly Karlos Saýns Junior bolsa, ulagynda ýüze çykan näsazlyk sebäpli ýaryşa başlap hem bilmedi.
Şeýlelikde, Maks Werstappen utugyny 433-e ýetirip, möwsümiň tamamlanmagyna 5 ýaryş galanda, bassyr 3-nji dünýä çempionlygyny yglan etdi. Sentýabr aýynyň 30-yna 27 ýaşyny dolduran Werstappen topardaşy Serhio Peresden 209 utuk öňe saýlandy. Werstappen F1-iň taryhynda yzly-yzyna 3 çempionlyk gazanan 5-nji sürüji hökmünde hasaba alyndy. Ondan öň germaniýaly Mihael Şumaher (2000-2004, 5 gezek), argentinaly Huan Manuel Fanhio (1954-1957, 4 gezek), germaniýaly Sebastian Wettel (2010-2013, 4 gezek) hem-de britaniýaly Lýuwis Hamilton (2017-2020, 4 gezek) yzly-yzyna azyndan 3 sapar çempionlyk gazanypdylar.
Möwsümiň indiki ýaryşy 22-nji oktýabrda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäherinde geçiriler.