Golaýda Aşgabat şäherinde “Gül zemin” toý mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden “Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz” atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň “Bu ýurt biziň Watanymyzdyr! Bu ýurt biziň mähriban topragymyzdyr! Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!” diýen şygaryndan ugur alyp, şeýle hem “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda” hem-de Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlap, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda bagtyýarlyk döwrüniň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan bagtly döwrüniň zähmetsöýer, çeper elli, edepli, maşgala ojagynyň abraý-mertebesini belende galdyrýan zenanlaryň arasynda yglan edilen “Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz” atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry guramaçylykly geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan şeýle-de Aşgabat şäherinden dürli ugurlarda zähmet çekýän zenan gelin – gyzlar gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň zenanlarynyň ene-mamalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemläp, nesilden-nesle geçip şu günlere ýeten ady äleme dolan keşdeçilik sungatyny hem-de durşuna zenan edebine ýugrulan keşdeli milli lybaslarymyzy geljekki nesillerimize nusgalyk miras galdyrmak, milli lybaslarymyzy bezeýän ajaýyp nagyşlary döretmek öz ussatlyklaryny, şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk häsiýetlerini terbiýelemek we türkmen zenanlarynyň arkama-arka aşyp gelýän bu kesbini has-da dabaralandyrmak, şeýle hem gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän jahana nusgalyk keşdeçilik sungatyny, dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp el işlerini wagyz etmek bilen bäsleşikde zenanlar düzgünnama laýyklykda üç ugur boýunça bäsleşip özleriniň üstünliklerini, ukyp başarnyklaryny görkezdiler.
Welaýatymyzdan Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet merkeziniň işgäri Jennet Annaýewa, Köneürgenç etrabynyň 58-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulgurban Berdiýewa, Ruhubelent etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mahym Annaýewa dagy gatnaşyp bilelikde çykyş etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşaýan türkmen zenanlary bu gün Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ýolbaşçylygynda abadançylygyň we bolçulygyň hözirini görüp asuda ýaşaýar, döredijilikli işleýär, ynamly gurýar.
“Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çeper elli keşdeçi zenanlaryň jemi 18 sanyşy gatnaşdy. Ahal welaýatyndan bäsleşige gelen zenanlar baş baýraga mynasyp bolup, Aşgabat şäherinden we Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan gatnaşyjy zenanlaryň ählisinde ýeňiji diýlip yglan edildiler.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň tanymal aýdymçylarynyň şeýle-de folklýor tans toparynyň çykyşlaryna-da orun berildi. Bäsleşige gatnaşyjylar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlar bilen sylaglandylar.
Çykyşlaryň dowamynda bäsleşige gatnaşyjylar öz halky üçin ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Gahryman Prezidentimiziň adyna alkyşlaryny we çäksiz hoşallygyny beýan etdiler.
Gülruh Haljanowa, Agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher Geňeşiniň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.