Kino sungatynyň abraýly baýraklarynyň biri bolan “Altyn globus” baýraklaryna ýene 2 täze ugur goşulýar. Geljek ýylyň başynda 81-nji gezek gowşuryljak “Altyn globus” baýraklarynyň täze ugurlary kinoteatrlarda köp girdeji gazanan blokbasterler hem-de teleýaýlymlardaky stend-ap şou gepleşikleri bolar. Oskaryň buşlukçysy hasaplanýan “Altyn globus” baýraklarynyň täze ugry – iň köp girdeji gazanan filmler ugry boýunça kinoteatrlarda hem-de “streaming” platformalarynda görkezilýän 8 film dalaşgärlige hödürlener. Bu ugra dalaşgär görkezilmek üçin kinoteatrlarda görkezilýän filmler azyndan 150 million dollar girdeji gazanan kino bolmaly. Şol 150 million dollaryň 100 million dollary Demirgazyk Amerikadaky kassa ýygymlaryndan gazanylmalydyr. “Streaming” platformalaryndan goşuljak kinolar bolsa tomaşaçy sanyna görä kesgitlener.

Adaty stend-ap görnüşindäki komediýa şoulara-da baýrak bermegi maksat edinýän “Altyn globus”-da iň gowy stend-ap komediýa ugry boýunça dalaşgär görkeziljekler teleýaýlymlardaky hem-de internetdäki gepleşikleriň arasyndan saýlanar. Bu ugur boýunça 6 komediýaçy dalaşgärlige hödürlener.