12-nji okt­ýabr­da Biş­kek şä­he­rin­de Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Çä­re­de türk­men we­kil­ýe­ti­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň Orun­ba­sa­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow ýol­baş­çy­lyk et­di.
Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da wa­jyp me­se­le­le­riň giň top­lu­my bo­ýun­ça, şol san­da, hal­ka­ra we se­bit me­se­le­le­ri­niň mö­hüm ugur­la­ry­nyň gün ter­ti­bi, şeý­le hem GDA-nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da pi­kir aly­şyl­dy. Gel­jek­de sy­ýa­sat, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ma­ly köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň wa­jyp ugur­la­ry kes­git­le­nil­di.
Şeý­le hem mej­li­se gat­na­şan­lar 2025-nji ýyl­da GDA-da Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýe­ňi­şiň 80 ýyl­ly­gy­na taý­ýar­lyk gör­mek we ony bel­le­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy ba­ra­da­ky, GDA-nyň Çem­pio­na­ty ba­ra­da­ky, GDA-nyň çäk­le­rin­de da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da ge­ňeş­me­le­riň Me­ýil­na­ma­sy ba­ra­da­ky Çöz­güt­ler bi­len bag­ly mö­hüm tas­la­ma­la­ry we beý­le­ki me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tu­tyl­ýan ugur­la­ry we ga­ra­ýyş­la­ry ba­ra­da bel­le­mek bi­len, we­kil­ýe­tiň ýol­baş­çy­sy R.Me­re­dow GDA-nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni, şun­da bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry ama­la aşyr­mak üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da GDA ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len tä­ze pi­kir­ler we tas­la­ma­lar tek­lip edil­di. Şeý­le-de ylym-bi­lim ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň gel­je­gi­ne se­re­dil­di.
GDA-nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni 2024-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de Minsk­de ge­çir­mek ba­ra­da çöz­güt ka­bul edil­di.