Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry bi­len bar­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry Gyr­gy­zys­ta­nyň paý­tag­ty­na çen­li uçu­şy ama­la aşy­ryp, «Ma­nas» Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gon­dy. Ho­wa men­zi­lin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy res­mi adam­lar gar­şy­la­dy­lar.
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy bol­mak bi­len, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň GDA-nyň çäk­le­rin­de açyk we deň­hu­kuk­ly dia­lo­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Iki­ta­rap­la­ýyn, şeý­le hem köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de dü­züm­le­ri­niň ug­ry bo­ýun­ça giň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk bu stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar.