ABŞ-nyň Ratgers uniwersitetiniň matematika mugallymy Brýus Ratner meşhur teoremanyň awtorynyň Pifagordygyna şübhelenýär. Onuň pikiriçe, Ýel uniwersitetinde miladydan öň 1800-1600-nji ýyllara degişli palçykdan ýasalan tabliçkanyň ýüzüne ýazylan wawilon ýazgysy saklanýar. Onda Pifagoryň teoremasyny nädip ulanmagyň mysaly şekillendirilipdir. Bu bolsa Pifagoryň ýaşan döwründen, ýagny 570-490-njy ýyllardan 1000 ýyldan hem has aňyrdadyr.
Taryhçylar Pifagoryň eserleriniň saklanyp galmandygyny bilýärler. Brýus Ratner bolsa Pifagoryň teoremany oýlap tapmandygyna ynanýar, ýöne onuň okuwçylary awtorlygy oňa degişli edipdirler. Muny onuň özüne degişli bolmadyk başga-da köp açyşlaryň Pifagoryň adyna degişli edilendigi bilen hem tassyklamak mümkin.
-Pifagoryň teoremasynyň onuň dünýä inmezden 1000 ýyl öň wawilonly matematikleriň açandygyny we subut edilendigini görkezýän anyk subutnamalar bar – diýip, Ratner belleýär.