EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň çäginde “D” toparçada Türkiýäniň ýygyndysy myhmançylykda Horwatiýa bilen duşuşdy. Çekeleşikli hem-de dartgynly geçen oýunda golaýda tälimçisini täzelän Türkiýäniň ýygyndysy 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Täze tälimçisi Winçenzo Montellanyň tälimçiligindäki ilkinji duşuşygynda Türkiýäniň ýygyndysyna wajyp ýeňşi gazandyran ýeke-täk goly 30-njy minutda Baryş Alper Ýylmaz geçirdi. Şunlukda, öz meýdançasynda Horwatiýadan 2-0 asgyn gelen Türkiýe hem şol oýnuň rewanşyny aldy, hemem toparçada 1-nji orna beýgeldi. Beýleki bir tarapdanam Horwatiýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatlarynyň saýlama tapgyrynyň çäginde ilkinji gezek öz meýdançasynda ýeňlişe sezewar boldy.

Toparçadaky beýleki oýunda Latwiýanyň ýygyndysy Ermenistandan 2-0 üstün çykdy. Ermenistanyň bu ýeňlişden soň 2-nji ýeri eýelemek mümkinçiligi azaldy.

Nobatdaky duşuşyklar 15-nji oktýabrda oýnalar we Türkiýe Latwiýany kabul etse, Horwatiýa myhmançylykda Ermenistan bilen duşuşar.