Geljek ýyl Germaniýada geçiriljek 17-nji Ýewropa çempionatynda çykyş etjek toparlar belli bolup başlady. “F” saýlama toparçasynda çykyş edýän Belgiýanyň ýygyndysy myhmançylykda Awstriýany Lukebakionyň (37, 40) hem-de Lukakunyň (58) gollary bilen 3-2 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Awstriýanyň gollaryny Laýmer (72) bilen Sabitser (84 p) geçirdi. Oýnuň 79-njy minutynda Belgiýadan Onana gyzyl kart aldy.

6 oýunda diňe 1 gezek deňme-deň oýnan Belgiýanyň ýygyndysy bassyr 3-nji, umumylykda bolsa 7-nji gezek Ýewropa çempionatyna ýollanma almagy başardy.

Awstriýanyň ýygyndysy 16-njy oktýabrda myhmançylykda Azerbaýjany ýeňen ýagdaýynda, olar hem Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.